Änew şäherinde täze metjidiň gurluşygyna girişildi
Änew şäherinde täze metjidiň we onuň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýyň gurluşygyna badalga berildi.
Ol «Bagabat» şypahanasyna alyp barýan täze awtoulag ýolunyň ugrunda, tebigatyň gözel künjeginde gurular. Ol 6 gektar meýdanda bina ediler. Metjidiň gurluşygyny Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetliginiň buýurmasynyň esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçy hünärmenleri alyp barar. Dört minaradan ybarat boljak täze metjitde 500 adama namaz okamaga ähli şertler göz öňüne tutular. Bu çäkde ýerleşjek sadaka jaýy hem 500 adama niýetlenendir.