SPORT WE SYÝAHAT

«Andijanyň» derwezeçisi «Arkadag» toparyna ýokary baha berdi

Gyrgyzystanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we Özbegistanyň «Andijan» klubynyň derwezeçi Eržan Toktaýew 17-nji sentýabrda Türkmenistanda «Arkadag» topary bilen boljak duşuşyk barada pikirlerini beýan etdi.
Žurnalist ondan:
― Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde «Arkadag» toparynyň köp sanly futbolçysy bar. Siz eýýäm milli ýygynda garşy duşuşyk geçirdiňiz. Ýakynda bolsa, «Andijanyň» hatarynda AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň çäginde «Arkadag» topary bilen duşuşarsyňyz. Türkmen futbolçylary barada nämeleri aýdyp bilersiňiz? ― diýip sorady.
Eržan beren jogabynda türkmen futbolçylarynyň tejribesine ýokary baha berdi. Şeýle hem «Arkadag» topary bilen boljak duşuşygyň özleri üçin ýeňil düşmejekdigini nygtady.
― «Arkadag» topary bilen boljak duşuşykda «Andijan» nämelere üns bermeli?
― diýip berlen sowala bolsa:
― Meniň pikirimçe, biz ― ýaş topar. Ýöne oýny gowy depginde alyp barsak, özümizi kanagatlandyrýan netijäni gazanyp bileris ― diýip jogap berdi.