TÜRKMENISTAN HABARLARY

Amyderýanyň sag kenarynda Döwletli etraby döredildi

Lebap welaýatynda täze Döwletli etraby döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Hojambaz etrabynyň dolandyryş çäginden 220776 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Döwletli şäherçesini we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat, Garagum, Miras obalaryny, Berkararlyk, Hojahaýran, Pagtaçy, Tallymerjen, Täze durmuş geňeşliklerini; Köýtendag etrabynyň dolandyryş çäginden 183540 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Burguçy, Daşrabat, Türkmenistan,
Ýalkym geňeşliklerini Döwletli etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmek bellenildi
Döwletli şäherçesi täze etrabyň edara ediş merkezi bolar.