JEMGYÝET

Amyderýanyň kenarynda ýaşlar üçin eko-syýahat guraldy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda iki günlük eko-syýahat çäresi geçirildi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Global ekologiýa gaznasynyň Aral deňzi sebitindäki ekoulgamlary gorap saklamak baradaky taslamasynyň çäklerinde guralan bu çäre ýaş nesliň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Gezelençiň dowamynda ýaşlar kenarýaka tokaýlarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem sebitdäki seýrek duş gelýän guşlar barada hünärmenlerden gymmatly maglumatlary aldylar.
Çäräniň barşynda tebigaty arassa saklamagyň we ekologik medeniýeti kemala getirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Amaly tejribeler we tanyşlyk gezelençleri ýaş meýletinçilerde tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek ukyplaryny ösdürdi. Eko-syýahatyň ahyrynda işjeň gatnaşan ýaşlara «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň Hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle başlangyçlar sebitiň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamakda ýaşlaryň ornuny we jogapkärçiligini artdyrmaga ýardam edýär.