Häzirki wagtda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda pilburun balyklaryny emeli usulda köpeltmek ýa-da ýaşaýan suw mesgenlerini üýtgetmek mümkinçiligi öwrenilýär. Özge ýerlerde duş gelmeýän, Amyderýa pilburun balyklaryny goramak, olary ylmy taýdan has içgin öwrenmek we geljek nesillerimize ýetirmek goraghana işgärleriniň esasy maksadydyr.
Gynansak-da, kiçi we uly Amyderýa pilburun balyklary ýitip barýan görnüşlere degişlidir. Alymlar ylmy barlaglar arkaly munuň sebäplerini öwrendiler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, derýanyň gidrologik kadasynyň bozulmagy, suwuň hapalanmagy, gaty sesli tehnikalaryň kenarda we oňa ýakyn ýerlerde uzak möhletde işledilmegi pilburun balyklary ýaşaýan mesgenlerinden uzak
menzillere göçmäge mejbur edýär. Bulardan başga-da gyşda gazaply aýazyň bolmagy zerarly derýanyň suwunyň üstüniň galyň doňmagy hem olara belli bir derejede howp salýar we sanynyň azalmagyna sebäp bolýar.
Kiçi we uly Amyderýa pilburunlary adyndan belli bolşy ýaly, diňe Amyderýanyň ýerli balyklarydyr. Olar irki döwürlerden bäri bu derýada ýaşap gelipdirler. Şol wagtlarda pilburunlaryň sany has köp bolupdyr. Ýöne adamzadyň täsir etmegi hem-de tebigatyň oňaýsyz hadysalary netijesinde olaryň sany ep-esli kemeldi.
Amyderýa pilburunlary emeli usul bilen köpeldilýär

14
Jun