Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda tokaýlary gorap saklamak we has-da baýlaşdyrmak ugrunda anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Geçen ýylda goraghanada maksatnama laýyklykda sazagyň 10 müň, sözeniň 3 müň, igdäniň 1 müň düýbi ekildi. Nahallara ideg etmek işleri hem göwnejaý ýola goýulýar. Şonuň netijesinde goraghananyň çäginiň ösümlik dünýäsi barha baýlaşýar. Çöl ösümlikleriniň nahallary goraghananyň nahalhanalarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu möhüm iş bilen tejribeli hünärmenler meşgullanýarlar. Bu babatda beýleki goraghanalaryň, tokaý hojalyklarynyň işgärleri bilen iş tejribeleri alşylyp durulýar. Goraghanada täze başlanan ýylda çöl ösümlikleriniň nahallaryny oturtmaga taýýarlamak işleri hem guramaçylykly dowam edýär.

