JEMGYÝET

Amyderýa goraghanasynda täze merkez we nahalhana döredildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýan Lebap welaýatynda iş saparynyň çäginde Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyna baryp gördi.

Bu ýerde bolan duşuşykda myhman ýerli hünärmenler bilen tebigaty goramak edaralarynyň işgärlerini taýýarlamak we biodürlüligi goramak, ekosyýahatçylygy ösdürmek, brakonerlige garşy göreşmek, haýwanlaryň migrasiýasy, ekologiýa kanunlaryny ulanmak we ýerine ýetirmek üçin ekologiki geçelgeleri döretmek ýaly ugurlarda hünärlerini ýokarlandyrmak maksady bilen goraghananyň çäginde Okuw merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda bolmagyň çäginde hanym Saakýan bag ekmek çäresine we zaýalanan öri meýdanlaryny dikeltmek, Lebap welaýatyndaky tokaýlary gorap saklamak boýunça tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen, BMGÖM-iň taslamasynyň kömegi arkaly dörediljek nahalhananyň düýbüni tutmaga gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: