Amyderýa goraghanasynda çöl ösümlikleri ekilýär
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň nahalhanalarynda işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bu ýerde çöl ösümlikleri bolan sazakdyr sözeniň tohumlary ekilip başlandy.
Goraghanada üstümizdäki ýylda sähra we tokaý ösümlikleriniň 14 müň düýbüni ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Şu günler bu ýerde öňki oturdylan nahallara ideg etmek işleri hem guramaçylykly dowam etdirilýär. Olary geljekde ösümlikleriň seýrek ýerlerinde oturtmak göz öňünde tutulýar. Şeýle tagallalaryň netijesinde goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi barha baýlaşýar.