JEMGYÝET

«Amul» topary täze folklor we tans eserlerini taýýarlaýar

Lebap welaýat medeniýet merkeziniň «Amul» folklor we tans toparydyr. Kämil döredijilik eserlerini yzygiderli halka hödürlemekde netijeli işler alnyp barylýar.

Welaýat neşiriniň habar berşi ýaly, häzirki wagtda toparda ýaş tansçy oglan-gyzlaryň 24-si bolup, olar joşgunly çykyşlary bilen toý döwrelerini bezeýärler. Topar milli öwüşginli folklor çykyşlarynyň birnäçesini, şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünowyň ýerine ýetirýän «Ýar görner», «Küştdepdi», «Döneýin» ýaly halk aýdymlaryna sazlaşykly tanslary goýup, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Ýeri gelende aýtsak, topar tans eserleri bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäheriniň 2024-nji ýylda «Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara hem gatnaşdy.

Şu günler golaýlaşyp gelýän şanly seneler mynasybetli täze eserleriň üstünde işlenilýär. Ýerine ýetirilýän tanslary milli öwüşginler bilen bezemekde bolsa kompozitor, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Ýazmyrat Derýaýewiň hyzmaty uludyr. Ýene-de ýaş hünärmenlerden Nasiba Baýramowa we Annageldi Babaýew dagy folklor eserlerini täzeden işlemekde we olary milli öwüşgin bilen baýlaşdyrmakda aýratyn gaýratlylyk görkezýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: