BIZE YAZYARLAR

Amul — asyrlarda yz goýan gala

Türkmenabat şäherine golaýlaşanyňda, uzaklardan seleňläp görünýän belent galada nazaryň eglenýär. Ol mele suwly, tolkunlary möwçli Jeýhunyň üstünden geçýän möhüm geçelgäniň golaýynda ýerleşen, gojaman taryhda öçmejek yz goýan Amul şäheriniň galyndysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde bu gadymy şäher barada taryhy maglumatlar getirilýär. Hakykatdan-da, Amul geçmişde juda uly orny eýeläpdir. Ol taryhyň dürli döwürlerinde dürli döwletleriň düzüminde bolup, onda birnäçe taryhy wakalar bolup geçipdir. Galanyň örän irki döwürde, Parfiýa döwletiniň zamanasynda gurlandygy çaklanylýar. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda Hytaýdan Parfiýa gelýän kerwenler Amulda düşläp geçipdirler.

Amul geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşipdir. Ýerli ilatyň aglaba bölegi ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Ilatyň bir bölegi bolsa senetçiler bolupdyr. Şäheriň ösmeginde söwda-satyk işleri möhüm hyzmaty ýerine ýetiripdir. Onuň sebitiň iri ylym merkezleriniň biri bolandygyna hem taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär.

Gadymy gala iki bölekden: içki galadan we şähristanlykdan ybarat bolupdyr. Taryhy çeşmelerde galanyň ilkibaşda 200 gektar ýer eýeländigi, şähristanyň tutýan meýdanynyň bolsa 9 gektara barabar bolandygy beýan edilýär. Içki gala, ýagny, erk gala Amulyň demirgazyk-günbatar burçunda gurlup, onuň beýikligi 33 metre ýetipdir.

Şäheriň Amul ady ilkinji gezek arap halyflarynyň köşk taryhçysy, IX asyrda ýaşap geçen Abu-el Abbas Ahmet al-Belazuriniň eserlerinde agzalýar. Onuň ýazmagyna görä, Amul VIII asyrda Abbasy halyflygynyň goşun berkitmesi bolupdyr. Bu gala barada IX, X asyrlarda ýaşap geçen arap taryhçylary Ibn-Hordatbehi, Abu-Ishak Ibrahim al-Istahri dagy möhüm maglumatlary ýazypdyrlar. XIII asyr arap syýahatçysy Ýakut özüniň ýol ýazgylarynda Amulyň Buhara gidilýän kerwen ýolunda, Jeýhunyň günbatar kenarynda ýerleşen dünýä belli şäherdigini, ondan köp akyldarlaryň çykandygyny beýan edipdir. Şeýle-de ol şäheriň mongol basybalyjylary tarapyndan ýumrulandygyny, ýöne onuň XIII asyryň ikinji ýarymynda gaýtadan dikeldilendigini hem belläpdir. Munuň özi Amulyň örän amatly ýerde ýerleşýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Amyderýanyň orta akymyndaky gadymy ýadygärlikler dürli ýyllarda öwrenilipdir. 1931-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işgäri, alym arheolog A.A.Maruşenko tarapyndan bu sebitiň arheologiki ýadygärliklerini öwrenmek işi ýola goýlupdyr. Bu işler soňky ýyllarda hem dowam etdirilipdir. Olaryň arasynda 1967-nji ýylda G.Gutlyýewiň we W.N.Pilipkonyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Taryh institutynyň, 1978—1982-nji ýyllarda G.Gutlyýewiň we A.Burhanowyň ýolbaşçylygynda Amyderýa ekspedisiýalarynyň geçiren taryhy-topografiki we strategrafiki işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 2017-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilenTürkmenistanyň çäginde ýerleşýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärliklerde arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmek baradaky Maksatnama işlenilip düzüldi. Maksatnamanyň çäginde 2018-nji ýylda bu gadymy galada gazuw-agtaryş işleri geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň şöhratly taryhyny ylmy taýdan öwrenmek we bu işe dünýä alymlaryny çekmek boýunça taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle möhüm işe biz — talyplaryň gatnaşmaklaryna hem giň mümkinçilikler döredilýär. Ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek arkaly halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Setdar MYRADOW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň taryh fakultetiniň II ýyl talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: