DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Amsterdamyň muzeýinde Wan Goguň öň mälim bolmadyk eskizini goýdular

Penşenbe güni Amsterdamdaky niderland nakgaşynyň adyny göterýän muzeýde Wisent Wan Goguň goly çekilen uly bolmadyk suratyň galamda çekilen ilkinji nusgasyny goýdular. Bu barada «ТАСС» habar berýär.

Çaklamalara görä, bu muzeýiň ekspozisiýasynda bar bolan «Gaýgydan garran» diýen suratyň eskizi bolmaly. Onda garry adam agaç stulda iki bükülip, kellesini tutup otyr. Nakgaşyň döredijilik ýoluna düşen wagty 1882-nji ýylyň noýabrynda ýerine ýetirilen nusgasy 100 ýyl gowrak wagt bäri Niderlandlarda hususy kolleksiýada saklanypdyr we ol diňe žiwopisi gowy görýänleriň az sanlysyna belli bolupdyr.

Muzeýiň işgärleri eskiziň hakykydygyny tassykladylar.

Winsent Wan Gog (1853-1890) — postimpessionist-nakgaş. Onuň işleri XX asyryň žiwopisine uly täsir etdi. Onuň çeken meşhur suratlarynyň arasynda «Günebakarlar», «Ýyldyzly gije», «Kafeniň gijeki eýwany» ýaly eserleri bar. Ussadyň «Trenkaedäki köpri» atly bir suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 39,2 million dollara satyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: