- ESASY HABARLAR, MEDENIÝET

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Daýahatyn kerwensaraýynda boldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Klimow welaýatymyzda bolup, Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Bu ýerde taryhy ýadygärligi dikeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bu ugurda alyp barýan işlerine ABŞ-niň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy saklap galmak boýunça ilçileriň gory» maksatnamasynyň maliýe goldawy berilýär.

Alymlaryň gazuw-agtaryş işlerinden soň gelen pikirine görä, Daýahatyn kerwensaraýy IX-X  asyrlarda gurlupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän düşelge öz döwründe halklaryň arasyndaky söwda, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde uly orun eýeläpdir. Amuldan Horezme barýan ýoluň ugrunda Amyderýanyň çep kenarynda bina edilen kerwensaraý Türkmenabat şäherinden 170 kilometr demirgazyk-günbatarda Dargana etrabynyň çäginde ýerleşýär. Biziň günlerimizde ony ylmy taýdan öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. Onuň diwarlary çig we bişen kerpiçden galdyrylypdyr. Geçen ýyl bu taryhy ýadygärligi dikeltmegiň taslamasynyň birinji tapgyry tamamlanypdy. Indi bolsa onuň ikinji tapgyry hem üstünlikli amala aşyryldy. Daşary ýurtly diplomat kerwensaraýda bu ugurda alnyp barlan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Daýahatynyň taryhyny öwrenmäge, dikeldiş işlerine taýýarlyk görmäge we ylmy esasda alyp barmaga alymlar, arhitektorlar we beýleki hünärmenler çekildi. Netijede dünýäniň alymlarynyň we syýahatçylarynyň ünsüni çekýän gala şekilinde gurlan, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda has ähmiýetli desga hasaplanylýan kerwensaraýy dikeltmek boýunça ummasyz işler amala aşyryldy.