JEMGYÝET

Amerikanyň Aşgabatdaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow ABŞ-nyň wekili hökmünde öz işini tamamlady we 6-njy iýulda Aşgabatdan ugrady. 

Ilçi Klimow 2019-njy ýylyň iýun aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi hökmünde işe başlaly bäri Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldamagyň binýadynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň üstünde işledi.

Ilçi Klimow mundan soňra Döwlet Departamentinde we NATO-da ýokary wezipelerde, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşunynda serkerde hökmünde işlän döwrüni hem öz içine almak bilen elli ýyl dowam eden döwlet gullugy karýerasyndan hormatly dynç alşa çykar.

Ilçi Klimowyň gitmegi bilen Işleri wagtlaýyn ynanylan wekiliň wezipesini ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Waýda Widugiris ýerine ýetirer.

Ilçi Klimowyň Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda, «Jeyhun.news» habarlar portaly bilen hem ýakynda gatnaşykda bolandygyny ýatladýarys. Ol Türkmenabada saparlarynyň çäklerinde iki gezek portalyň žurnalistlerine ýörite interwýulary berdi. Şeýle hem portalyň ýolbaşçylary we žurnalistleri geçen ýyl ilçiniň öz çakylygy bilen Aşgabat şäherinde bellenilen Amerikanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: