TÜRKMENISTAN HABARLARY

Amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 24-nji iýulda (penşenbe güni), Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçiriljek amerikan–türkmen kitap ýarmarkasy barada hoşallyk bilen habar berýär. Bu ýarmarka kitap sergisi bilen bir hatarda “Spelling Bee” bäsleşigini, Ilçihananyň wekilleri bilen bilelikde guraljak kitap okalyş çäresini, şeýle-de döredijilik zolagyny öz içine alar. Ýarmarka giriş tölegsiz bolup, hemmeler üçin açykdyr.

Senesi: Penşenbe, 24-nji iýul
Çäräniň açylyşy: 11:00
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy