Amerikan neşiri biziň asyrymyzyň aýdymçysyny saýlady
Amerikaly aýdymçy Beýonse XXI asyryň meşhur pop-ýyldyzy hökmünde ykrar
edildi. Ol bu ugurda Teýlof Swift, Rianna, Ledi Gaga, Adel, Britni Spirs ýaly
meşhur aýdymçylardan öňe saýlandy.
43-nji ýaşyndaky Beýonseni XXI asyryň meşhur aýdymçylarynyň sanawynda
birinji orna Amerikanyň saz senagatyna bagyşlanyp, çap edilýän “Billboard”
žurnaly goýdy. Teýlor Swift sanawda ikinji orny eýeledi, bu hem onuň aýdym-
saz muşdaklaryny gynandyrdy.
Neşiriň işgärleri täze ýüzýylyň meşhur pop-ýyldyzyny saýlanda aýdymçylaryň
aýdym-saz sungatyna ýetiren täsirini göz öňünde tutdylar.
Teýlor Swift entek ýaş aýdymçylaryň biridigi, ýöne onuň statistiki görkezijiler
boýunça Beýonseden öňdedigi bellenildi.
Beýonse 1990-njy ýyllaryň başlarynda meşhur boldy. Ol ilkinji bilen “Destiny’s
Child” toparynda çykyş etdi. soňra toparyň dargamagy bilen ýekelikde aýdym
aýdyp başlady we 5 sany “Gremmi” baýragyny gazandy.
2019-njy ýylda Beýonse “Forbes” žurnaly tarapyndan iň köp girdeji gazanýan
aýdymçylaryň sanawyna goşuldy.