DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Amerikan jeňňelliklerinde başga ýerde duş gelmeýän jandarlaryň 27 görnüşi ýaşaýar

Alymlaryň halkara topary Günorta Amerikanyň günbatar kenar ýakasyndaky Perunyň jeňňelliklerinde haýwanlaryň öň hiç ýerde duş gelmedik görnüşleriniň 27-siniň ýaşaýandygyny öwrendi.
Olaryň arasynda süýdemdirijileriň 4, balyklaryň 8, amfibiýalaryň 3, kebelekleriň 10 görnüşi, oňurgalylar we käbir kiçijik jandarlar bar. Zoologlar täze tapylan jandarlaryň käbiriniň diňe şu tropiki çäklerde ýaşamaga ukyplydygyny, käbirine bolsa ýitmek howpunyň abanýandygyny kesgitlediler.
Şeýle-de alymlar Amazonkanyň bu gür tokaýlarynda ösümlikleriň öň ylma mälim bolmadyk görnüşleriniň-de birnäçesiniň üstüni açdylar. Olar Amazonkanyň baý ekoulgamynyň goralmaga we ýene-de öwrenilmäge mynasypdygyny nygtaýarlar.