DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Amerikaly zenan agajyň sütüninde kitaphana ýerleşdirdi

Amerikanyň Aýdaho ştatynyň ýaşaýjysy Şarahi Gowardyň howlusynda gurap barýan agaç bardy. Garry deregiň gögerip oturanyna ýüz ýyl töweregi bolupdy we agajynyň içi çüýräp başlapdy. Ony kesip aýyrmalydy. Ýöne Goward ondan gowy çözgüt tapdy. Bu barada «rambler.ru» ýazýar.

Ol agajyň sütüniniň içinde kitaphana gurdy. Howpsuzlyk üçin deregiň ýokarky bölegini kesip aýyrmaly boldy. Kitaphana islendik adam gelip we mugt kitap alyp bilýär. Şonuň ýaly-da, öýüňdäki kitaplary getirip tabşyryp hem bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: