Amerikaly 15 ýaşly zehinli oglan “Time” neşiriniň “Ýylyň çagasy ― 2024” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Ol deri rak keseli üçin sabyn ýasady.
Heman Bekele 6 ýaşyndaka Efiopiýada ýaşap, adamlary günüň zyýanly täsirlerinden goramagy arzuw edip, himiýa bilen gyzyklanypýar. Onuň pikiri: sabyna rak keseline garşy kremi goşmak. Ol bu oýlap tapyşy bilen ýaş alymlaryň bäsleşiginde ýeňiji bolup, 25 müň dollar baýrak aldy.
2023-nji ýylda bolsa “Amerikanyň iň ýaş alymy” bäsleşiginde ýeňiji boldy.
Hemanyň açyşy ýönekeý, emma täsirlidir. Onuň döreden kremi, rak öýjüklerini gönüden-göni nyşana alyp, olary ýok etmäge kömek edýär. Bu çemeleşme häzirki bejergilerden tapawutlylykda öýjükleri ýörite nyşana alýar we sagdyn dokumalara zyýan bermeýär.
Bu esasanam, himiýa bejergi usullarynyň agyr täsirleri bilen göreşýän hassalarda uly umyt döredýär.
Maglumatlara görä, Bekeläniň bu oýlap tapyşy diňe bir ylmy synagdan däl-de, eýsem hakyky zerurlykdan dörändir. Ol synpdaş dosty bilen rak keseli hakda söhbetleşenden soň, bu keseliň adamyň durmuşyna nähili täsir edýändigine çuňňur düşünýär.
Ýaş oýlap tapyjy ähli adamlaryň deň we manyly durmuşda ýaşamaga hak-hukugynyň bardygyna ynanýar we bu pikir ony ylmy gözleglere çagyrýar.
Bekeliň gazananlary diňe bir deň-duşlarynyň arasynda däl, eýsem ýokary derejeli hünärmenleriň arasynda hem uly abraý getirdi. Ony köp ylmy konferensiýalarda çykyş etmäge çagyrýarlar.
Heman Bekele oýlap tapyşyny ösdürmek üçin serişde toplamagy dowam etdirýär. Ol geljekde bu usuly has giň gerimde synap, rak kesellerini bejermekde ulanmagy meýilleşdirýär.