YLYM WE TEHNIKA

Alymlar uglerodyň täze formulasyny tapdylar

Uglerod dürli görnüşde duş gelýär. Indi öňden bellileriniň (almazyň we grafitiň) üstüne ýakynda ýene biri goşuldy. Ol geljegiň elektronikasyny döretmäge gerek bolar. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Galyňlygy bir atom gatlagyna barabar bolan grafen häzir mälim bolan iň ýuka materialdyr. Bu häsiýeti ony geljegiň elektronikasynda we ýokary tehnologiýaly inženeriýa ugurlarynda ulanmaga ýaramly edýär.
Germaniýadaky Marbur we Finlýandiýadaky Aalto uniwersitetiniň alymlary uglerodyň täze toruny açdylar. Ol hem, grafen ýaly, atomlaýyn ýuka, ýöne tertipleşdirilen gözenegi emele getirýän kwadratlardan, alty burçluklardan we sekiz burçluklardan durýar. Grafenden tapawutlylykda, täze bifenilin gözeneginiň (täze mäterial şeýle atlandyrylýar) metal häsiýetleri bar. Ini bary-ýogy 21 atoma barabar bolan gözenegiň inçe zolajyklary özlerini metal ýaly alyp barýarlar, grafen bolsa ýarym geçirijidir.
Häzir alymlar ony ulanmagyň goşmaça mümkinçiliklerini öwrenmek üçin materialyň uly ölçegdäki listlerini öndürmegiň üstünde işleýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, sinteziň täze usuly geljekde täze uglerod torlaryny açmaga getirer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply