Russiýaly we hytaýly alymlar metandan metanoly sintezlemegiň netijeli usulyny oýlap tapdylar. Olar metandan häzirkizaman himiýa senagatynyň esasy önümleriniň biri bolan metanoly öndürmegiň innowasion usulyny işläp düzdüler we üstünlikli synag etdiler. Täze tehnologiýa komponentleriň ikisine — suwa we elektrik energiýasyna esaslanýar. Bu bolsa önüm öndürmek işini
ýönekeýleşdirýär we ony zyýansyzlandyrýar.
Metanol dürli himiýa önümleriniň önümçiliginde giňden ulanylýar. Mundan başga-da, bu önüme deňiz flotunda, elektrohimiýa generatorlarynda, ykjam enjamlarda we daşky gurşawa gözegçilik edýän gurallarda alternatiw ýangyç hökmünde peýdalanmak üçin isleg barha artýar.
Alymlar metandan metanol sintezlemegiň tärini tapdylar
21
Aug
