JEMGYÝET

Alymlar iýmiti zaýalaman saklaýan «akylly» gap oýlap tapdylar

Alymlar dürli iýmitleri we azyk önümlerini oňaýly şertlerde saklamak, olaryň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin peýdaly boljak täze hilli gaplary işläp taýýarladylar

Garward we Singapuryň Nanýan Tehnologiki uniwersitetleriniň alymlarynyň oýlap tapan bu gaplarynyň kömegi bilen balyk we et önümleriniň, şeýle-de miwelerdir gök-önümleriň terligini we täzeligini indi köp wagtlap saklamak mümkin bolar. Suw geçirmeýän we ekologiki taýdan arassa gaplar adaty ýaly görünse-de, önümleriň terligini saklamakda öňkülerden birneme tapawutly. Alymlar täze gaplaryň kömegi bilen ýer tudanasy ýaly tiz zaýalanýan miweleri hem indi öý şertlerinde adatdakysynda 2-3 gün uzak zaýalanman durjakdyklaryny görkezdiler. Bioinženerleriň aýtmaklaryna görä, bu gaplar iýmit senagatynda iň gowy görnüşleriň biri hökmünde ulanylar. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä bu gaplaryň bahasy-da adaty plastmassa gaplardan gymmata düşmez. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: