DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Alymlar gara deşikler barada Hokingin aýdanlary dogry çykdy diýen netijä geldiler

ABŞ-ly astrofizikleri kosmolog Stiwen Hokingiň gara deşikler baradaky esasy gipotezalarynyň biriniň dogrudygyny tassykladylar, diýip «mail.ru» ýazýar.

Mundan üç ýyl ozal aradan çykan Hoking baryp 1971-nji ýylda gara deşigiň wakalarynyň gorizontynyň daşy diňe ulalyp biler we hiç wagt kiçelmez diýen netijä gelipdi.Gara deşigiň daşyndaky içinden hat-da ýagtylygyň şöhlesi çykyp bilmeýän güýçli grawitasion meýdanyna wakalaryň gorizonty diýýärler. Wakalaryň gorizontynyň agramy gara deşigiň agramyna deňdir. Hoking gara deşikleriň agramyny artdyryp bilýändikleri üçin onuň wakalarynyň gorizonty hem diňe ösmeli diýip çaklapdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: