- BILIM, ESASY HABARLAR

Alymlar gadymy Amul galasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Amul galasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler.

Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän bu taryhy ýadygärlikden küýze, keramiki önümler we mallaryň süňkleri tapyldy. Olar gadymy Amulda küýzegärçiligiň we hünärmentçiligiň, olardaky dürli reňkdäki şekiller bolda çeperçilik sungatynyň, şonuň ýaly-da maldarçylygyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýärler. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bir diwaryň ýüze çykarylmagy bolsa, bu ýerde hünärmentçilik üçin ýörite jaýlaryň bolandygyny çaklamaga esas berýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary bilen bilelikde bu işe Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ynsanperwer-durmuş bilimleri fakultetiniň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar. Arheologiki gözleg işleri talyplar üçin özboluşly tejribe mekdebi boldy.

Lebap welaýatynyň çägindäki taryhy ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň netijesinde alymlar Amyderýanyň boýunda azyndan üç müň ýyl mundan ozal, ýagny, biziň eramyzdan öňki birinji müňýyllygyň başlarynda oturymly ilatyň emele gelip, ekerançylyk bilen meşgullanandyklary baradaky netijä geldiler. Geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda tapylan tapyndylar Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen we halklaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm orny eýelän Amul galasynyň taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.