Ispan alymlary koronawirus ýokuşanlaryň ys we tagam duýuş ukybyny ýitirmezlerinden ozal burnuň içinde guraksylygyň we ýakymsyz duýgynyň emele gelýändigini ýüze çykardylar. Awtorlaryň pikirine görä, bu alamatlary COVID-19-niň irki alamatlary diýip hasap etse bolar. Bu barada РИА «Новости» agentligine salgylanmak bilen, «mail.ru» ýazýar.
COVID-19 bilen kesellänleriň takmynan 80%-iniň ys we tagam duýuşlaryny bölekleýin ýa-da doly ýitirendiklerini belleýärler. Alymlar muny wirusyň burnuň içindäki epiteliýni zaýalamagy bilen düşündirýärler. Bu wirusyň öýjükleri SARS-CoV-2 wirusynyň sepleşen wirusy bilen birleşmek, sagdyn öýjüklere aralaşmak we replikasiýa başlamak üçin anginotenzine öwürýän 2 fermenti, reseptory alyp barýarlar.
Alymlar duýulmaýan COVID-19-niň irki alamatlaryny ýüze çykardylar

25
Nov