LUKMANÇYLYK

Alymlar «COVID-19»-da ys duýmany bölekleýin ýitirmegi kesgitleýän geni tapdylar

Ys duýmagy wagtlaýyn ýitirmek «COVID-19»-yň alamatlarynyň biri. Ýöne bu «SARS-CoV-2» bilen kesellän ähli näsaglarda bolup geçmeýär. Amerikan alymlary munuň sebäbine düşünmäge ýakynlaşdylar: olar ys duýmagyň ösmek töwekgelligini kesgitleýän iki gen tapdylar.

Seljerme ys duýmagy ýitirmegiň (takmynan 11%) «UGT2A1» we «UGT2A2» genleri bilen baglydygyny görkezdi. Alymlar bu iki geniň «COVID-19» bilen kesellänleriň ys duýmazlygynyň döremegi bilen baglanyşykly «gahrymanlaryň» roluny oýnaýan biologiki dalaşgär bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

«UGT2A1» we «UGT2A2» ysly maddalaryň metaboizmine işjeň gatnaşmak bilen, burnuň nemli bardasynyň öýjüklerinde aýratyn işjeňlik görkezýärler. Olar yslary kabul etmekde wajyp orun eýeleýän fermentleri düzmek üçin «gözükdirme» berýärler. Ýöne  «Sars-CoV-2»-niň bu genleriň işjeňligine nähili täsir edýändigi welin häzirem belli däl bolmagynda galýar. Ýöne amerikan alymlary özleriniň işleriniň netijeleriniň koronawirus infeksiýasy bilen bagly ys duýmany ýitirmegiň biologiki mehanizmine düşünmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: