LUKMANÇYLYK

Alymlar çiş kesellerini bejermek üçin nanokapsula döretdiler

Tomskili alymlar çiş keselleriniň garşysyna terapiýa hökmünde ulanylýan aktiniý-225 radioaktiw izotopynyň «nanogabyny» döretdiler. Nanokapsulalar dargamagyň netijesinde diri öýjükler üçin zäherli maddalaryň emele gelmek howpuny azaldýarlar. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

Ol Sankt-Peterburgdaky akademik Granow adyndaky Russiýanyň radiologiýa we hirurgiki tehnologiýa ylmy merkezinde barlamhana şertlerinde syçanlarda synagdan geçirildi. Kapsuladaky aktiniý-225-i melanoma bilen zaýalanan öýjüge ýetirdiler. Barlaglar ýörite gabyň aktiniýniň terapewtiki netijeliligini 40 göterim ýokarlanandygyny görkezdi. Haýwanlary barlanlaryndan soň alnan maglumatlar serişdäniň böwrekde bäş göterimden köp toplanmaýandygy görkezdi. Analog ulgamynda toplanmalar 30-35-den 50 göterime çenli bolýar eken. Bu kapsulanyň önümiň ýaramaz täsirini ýeterlik derejede ynamly saklaýandygyny görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: