SPORT WE SYÝAHAT

“Altyn ýyldyz” Tejenden kubok bilen dolandy

 Türkmenabat șäherindäki 14-nji sport mekdebiniň “Altyn ýyldyz” futbol topary 2010-njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Tejen șäherinde geçirilen Ahal welaýatynyň açyk birinjiligine gatnaşyp Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna we altyn medala mynasyp boldy. Mekdebiň tälimçi-mugallymy Halmuhammet Gurbanowyň șägirtleri Ahal, Dașoguz, Mary welaýatlaryndan we Asgabat şäherinden gatnaşan toparlaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezmegi başardylar. Duşuşyklarda Ahal welaýatyna wekilçilik eden “Tejen” toparyny 2:0, Daşoguzyň “Nesil” toparyny 5:0, Mary welaýatynyň “Ýaşlyk” toparyny 1:0 hasabynda ýeňen lebaply futbolçylar diňe paýtagtyň “Garagum” toparyndan 1:3 hasabynda asgyn geldiler. Muňa garamazdan, garşydaş toparlaryň özara duşuşyklarda utuk ýitirmegi bilen, bir aýlawdan ybarat bolan ýaryşda birinjilik Lebap welaýatyndan baran futbolçylara nesip etdi.  Ýaryşda maryly topar ikinji, paýtagtly topar bolsa üçünji orunlary eýelediler.