SPORT WE SYÝAHAT

«Altyn ýyldyz» futbol toparynyň üstünlikleriniň sany artýar

Ýaşlaryň sport bilen gyzyklanmasyny artdyrmak we olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrundaky işlerde Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň tälimçisi Halmuhammet Gurbanowyň goşandy uly.

Ýaşlaryň sporta bolan söýgüsini artdyrmak babatynda alty ýyldan gowrak wagt bäri yhlasyny gaýgyrman gelýän tälimçi welaýatyň futbol boýunça 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden ybarat ýygyndysy bilen yzygiderli türgenleşik işlerini alyp barýar. Toparda diňe bir Türkmenabat şäheriniň däl, eýsem, Kerki we Çärjew etraplarynyň mekdep okuwçylary-da çykyş edýärler. Ussat tälimçiniň işini göwnejaý guraýşyny ýetginjek futbolçylaryň görkezýän netijelerinden hem görmek mümkin. Ýagny «Altyn ýyldyzyň» oýunçylary indi birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzda geçirilýän futbol ýaryşlarynda öňdeligi elden bermän gelýärler. Bu hakykata golaýda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine bagyşlanyp geçirilen welaýatyň açyk birinjiliginiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Şol ýaryşyň göçme kubogyny eýelän toparyň oýunçylarynyň käbiri şahsy baýraklara-da mynasyp boldy. Olardan Emir Baýmuradow «Iň köp pökgi geçiren oýunçy», Aýdemir Açilow bolsa «Iň ökde goragçy» diýlip yglan edildiler. Döwran Hudaýkulyýew bolsa ýaryşyň iň ökde derwezeçisi hökmünde ykrar edildi. Ýaryşyň iň ökde hüjümçisi üçin niýetlenen baýraga bolsa kerkili Sanjar Saidow mynasyp boldy.

«Altyn ýyldyzyň» üstünlikli oýunlarynyň hatarynda şu ýyl Ahal welaýatynyň açyk birinjiligini gazanmak ugrundaky ýaryşy hem görkezmek bolýar. Tejen şäherinde geçirilen şol duşuşyklarda olar iň ýokary netijeleri görkezip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna we altyn medala mynasyp boldular.