Islandiýadaky Gýudlifoss şaglawugy Ýewropanyň iň köp suwly şaglawugy hasaplanylýar. Oňa başgaça «Altyn şaglawuk» hem diýilýär. Gözbaşyny Hwita derýasyndan alyp gaýdýan bu şaglawuk 2 bölekden ybarat bolup, onuň umumy beýikligi 32 metrdir.
Sekuntda 130 kub metre çenli suw akýan bu şaglawugyň daş-töweregi özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen syýahatçylarda ýakymly täsirleri galdyrýar. Tomsuna şaglawugyň suwy has hem köpelip, bu ýere ýörite syýahat gezelençleri guralýar.
Şeýle hem güýçli akymyň täsiri bilen şaglawugyň suwunyň reňki üýtgäp, ol agymtyl, çalymtyl ýa-da ýaşyl öwüsýär. Hatda güneşli günlerde-de şaglawugyň daş-töwereginiň salkyn şemally we ygally howasy sebäpli bu ýere gelýän syýahatçylaryň yzy üzülmeýär.
«Altyn şaglawuk» Islandiýada ýerleşýär

07
Nov