YKDYSADYÝET

«Altyn-Nur Zamany» hususy kärhanasynyň hünärmenleri alyjylara konserwirlenen kömelek hödür edýärler

«Altyn-Nur Zamany» hususy kärhanasynyň hünärmenleri konserwirlenen kömelekleri öndürip başladylar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite bölümde terligine ýygnalyp alnan kömelekleriň her sagatda bir müňüsi öndürilýär. Olar «Altyn-Nur Zamany» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalarynda ösdürilip ýetişdirilýär.

Bu ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän kömelekleriň birnäçe görnüşinden günde 100–150 kilogram hasyl alynýar. Ekologiýa taýdan arassalygy, ýokumlygy, täsin nygmatlygy bilen tapawutlanýan gelin kömelekleriniň gündelik ýygnalýan hasyly ýurduň sarp edijilerine terligi bilen ugradylýar.

Ýakyn wagtda hem taýýarlanýan kömelekleri we amatly aýna gaplardaky bereketli kömelek önümlerini daşarky bazarlara çykarmak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: