Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýatyndaky agzalar zähmet üstünlikleri bilen çykyş edýärler. Etrapdaky «Altyn gül» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana hojalygynda pomidoryň «bardoş» görnüşi ýetişdirilýär. 2,5 gektar meýdany eýeleýän ýyladyşhanada ekinlere ideg etmek, suwarmak we dökün bermek işleri awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. Tozanlandyrmak işinde ýörite işçi arylardan peýdalanylýar. Kärhanada her ýyl 600 tonnadan gowrak pomidor hasyly öndürilip, içerki bazarlara ugradylýar.
Kärhananyň işgärleri önümçiligi giňeltmegi we geljekde önümleri daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýärler. Döredilýän şertleriň netijesinde telekeçiler tarapyndan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberi artýar. Bu bolsa ilaty ýylyň ähli paslynda ýerli, ekologik taýdan arassa gök önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
«Altyn gülüň» ýyladyşhanasynda her ýyl 600 tonnadan gowrak pomidor ýetişdirilýär
20
Mar

