YKDYSADYÝET

«Altyn gül» hususy kärhanasy Türkmenistandan daşary ýurtlara 200 tonna pomidor eksport etdi

«Altyn gül» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda dekabrda başlan hasyl ýygnalyşykdan soňra şu baharyň ilkinji günlerinde 230 tonna pomidor ýyglyp alyndy. Hasylyň 200 tonnasy bolsa daşary döwletlere eksporta ugradyldy.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň golaýynda ýerleşýän bu ýyladyşhana eýýäm üç-dört ýyldan bäri pomidor ýetişdirmek we bu gymmatly azyklyk önüm bilen içerki hem-de daşarky bazary üpjün etmek işine mynasyp goşandyny goşýar. «Altyn gülüň» ýyladyşhanasynda ýetişýän pomidorlary esasy eksport edijiler hökmünde Russiýany, Owganystany we Gazagystany mysal getirip bolar.

Ýyladyşhana 2,3 gektar ýerde guruldy. Geçen güýzüň bosagasynda oňa pomidoryň marwelans, çerri ýaly görnüşleriniň müňlerçe düýbi oturdyldy. Hasyl ýygmak işi iýun aýyna çenli dowam edýär. Şoňa çenli bu ýerden alnan hasylyň mukdaryny 450 tonna çenli ýetirmek maksat edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: