YKDYSADYÝET

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri plastmassa turbalaryň 180 tonnasy öndürildi

«Altyn Bürgüt» hususy kärhanasynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän önümhanasynda plastmassa turbalar öndürýär.

Bu ýerde ýylyň başyndan bäri 2022-nji ýylyň başyndan bäri plastmassa turbalaryň 180 tonnasyny, polietilen haltalaryň hem 193 tonnasyny öndürildi. Önümleriň esasy bölegi içerki bazarda ýerlenilýär.

Bu hususy kärhanada geçen ýylda hem 6 million 49 müň 552 manatlyk önüm öndürilip, sarp edijilere ýetirildi.

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasy gurluşyk işlerini hem alyp barýar. Şonuň ýaly-da, ýyladyşhanada pomidor hem ösdürip ýetişdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: