YKDYSADYÝET

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasy önüminiň 80 göterimden gowragyny eksport edýär

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumynda ýylyň dowamynda ýetişdirilýän pomidoryň 80 göterimden gowragy daşary ýurtlara iberilýär.

8,5 gektar meýdany eýeleýän toplumda 6 sany ýyladyşhana bolup, olarda pomidoryň 192 müňden gowragy ýetişdirilýär. Ýylyň dowamynda olardan 2 müň tonnadan gowrak hasyl ýygylýar. bu her düýbüň 13 kilogram önüm berýändigini aňladýar. Hususy kärhananyň önümleri ekologiki taýdan arassadyr.

Ýyladyşhanada ýygnalan hasyly saklamak üçin ýöriteleşdirilen ammarlar bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: