TÜRKMENISTAN HABARLARY, YKDYSADYÝET

«Altyn bürgüt» eksport giňişligindäki ornuny artdyrýar

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda şu ýyl pomidoryň 500, polipropilen haltalaryň bolsa 800 tonnadan gowragy eksport edildi.
Kärhanada döwrebap ýyladyşhana toplumy bilen bilelikde polietilen we polipropilen haltalarynyň, plastik gaplaryň önümçiliginiň utgaşykly alnyp barylýar.
Hususy kärhananyň önümçiligi jemi 8,5 gektar meýdanda ýerleşýär we ol 6 bölekden ybarat ýyladyşhanalar toplumyndan ybarat bolup, bu ýerde pomidoryň 192 müňden gowrak düýbi ösdürilip ýetişdirilýär. Hususy kärhanada öndürilýän pomidor hasylynyň agramly bölegi daşary ýurtlara, hususan-da, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan ýaly döwletlere eksport edilýär. Şu ýylyň dowamynda daşary döwletlere çykarylan pomidoryň mukdarynyň 500 tonnadan geçendigini hem bellemek bolar.
Kärhana boýunça her ýylda bir müň tonnadan gowrak polietilen haltasy öndürilip, onuň hem aglaba bölegi eksporta ugradylýar. Şu ýylyň başyndan bäri polipropilen haltalaryň 800 tonnadan gowragynyň Russiýa Federasiýasyna eksport edilmegi öndürilýän önümleri ýerleşdirmek boýunça hem netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.