YKDYSADYÝET

«Altyn bürgüdiň» ýyladyşhanalarynda ekologiki taýdan arassa pomidor ýetişdirilýär

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumynda pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär. Jemi 8,5 gektar meýdanda ýerleşip, 6 bölekden ybarat bolan bu ýyladyşhanada pomidoryň 192 müňden gowrak düýbi ösdürilip ýetişdirilýär, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Ýyladyşhanalar toplumynda her düýpden ortaça 13 kg, her gektardan bolsa, 230 – 250 tonna ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa pomidor hasylyna garaşylýar. Ýylyň dowamynda 2 müň tonnadan gowrak ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa pomidor hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar. Öndürilýän pomidor hasylynyň 80 göterimden gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär, hasylyň galan bölegi bolsa içerki bazarlarda ilata hödürlenýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: