BILIM

«Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň üçüsiniň binýadynda 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige dersleriň 11-si boýunça etrap-şäher tapgyrlarynda öňdäki orunlary eýelän okuwçylar gatnaşdylar.
Bäsleşikde Türkmenabat şäherinden, Halaç, Saýat, Dänew we Farap etraplaryndan gatnaşan okuwçylar ýokary netijeleri görkezip, öňdäki orunlary eýelediler. Hususan-da, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçylary Arzuw Arslanowa, Agajan Şöhradow, ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary Nargiza Kipçakowa, Ylýas we Kyýas Sylabowlar, ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçylary Kerim Italmazow, Mukam Döwletmämmedow, Selbi Ruslanowa, şeýle-de Halaç, Dänew, Farap we Saýat etraplarynyň okuwçylary Çynar Gulmyradowa, Amangül Rahmanowa, Enejan Şatlykowa, Sahiýa Aliýewa, Nurana Batyrowa dagy üstünlikleri bilen tapawutlandylar. Welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.