Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Altyn Asyr» — Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi

Nov 24, 2021

Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary taryhynda ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýänleri şu gün geçirilen duşuşykda «Köpetdagdan» üstün çykmagy başardylar. «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Altyn Asyr» garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Gollary Begmyrat Baýow we Selim Ataýew dagylar urdular.

Şeýlelikde, «Altyn Asyr» arzyly kubogy soňky ýedi ýylda ýedinji gezek eýelemegiň hötdesinden geldi.

Ýeňiji bolan topara baýraklary TFF-niň başlygy Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Adblock
detector