SPORT WE SYÝAHATTÜRKMENISTAN HABARLARY

«Altyn asyr» bilen «Ahal» şu gün AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşmak üçin Lebap welaýatynyň üstünden geçip gitdi

Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony «Altyn asyr» we ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» AFK-nyň kubogy ― 2021 halkara ýaryşynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşmak üçin şu gün Lebap welaýatynyň üstünden geçip gitdi. Bu barada «Turkmenportal» ýazýar.
Bu iki topar şu gün sagat 9:00-da Aşgabat ― Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy bilen üpjün edildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Lebap welaýatyndaky wekilleri toparlary Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde ýörite awtobus bilen garşyladylar we Farap gümrük nokadyna çenli ugratdylar. Bu ýerden türkmen futbolçylary Özbegistana geçip, şu gün Buhara şäherine baryp ýetdiler.
Ýeri gelende aýtsak, yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynda «Ahal» «E», «Altyn asyr» «F» toparça wekilçilik eder. «E» toparçanyň duşuşyklary Täjigistanda, «A» toparçanyňky bolsa Gyrgyz Respublikasynda geçiriler.
«Ahalyň» topardaşlary Täjigistanyň «Rawşan» we Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» futbol toparlary bolar. «Altyn asyr» bolsa «Nasaf» (Özbegistan), «Hujand» (Täjigistan) we «Alaý» (Gyrgyz Respublikasy) bilen duşuşar.
Toparçalaýyn duşuşyklar 14 ― 20-nji maý aralygynda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply