DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Alty ýaşly gyzjagaz «YouTube»-niň iň girdejili bloggerleriniň biri

«Forbes» neşiri 2020-nji ýylda «YouTube»-den iň kän gazananlaryň ilkinji onlugyna russiýaly alty ýaşly gyzjagaz Anastasiýa Radzinskaýany hem goşdy.
Eýýäm ikinji ýyl bu sanawyň ilkinji onlugyna girýän gyzjagaz bu ýyl ýedinji orny eýeledi. Neşiriň ýazmagyna görä, ol şu ýyl «YouTube»-däki şahsy kanaly arkaly 18,5 million dollar gazanç edindi.
«Paýlaşylýan wideogörnüşler müň dürli öwüşginli, olaryň maznuny baý. Bu aýratynlyklar görnüşleriň her birini Ýer ýüzünde millionlarça çagalaryň synlamagyna sebäp bolýar» diýip, neşirde ýazylýar.
Anastasiýanyň «Like Nastya» diýlip atlandyrylýan «YouTube» kanalyna 190,6 million ulanyjy agza boldy. Şu ýyl onuň paýlaşan wideogörnüşleri 39 milliard gezek görüldi. Onuň «Tik-Tokda» hem 3 million muşdagy bar.
Radzinskaýa bu serişdeleri mahabat roliklerinden gazanýar. Munuň üçin ondan artykmaç zat talap edilenok. Mahabat edilýän önümiň gurşawynda ýakynlary bilen oýun oýnamak ýeterlik. Munuň üçin oňa ýokarda görkezilen mukdardaky pullar tölenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply