YKDYSADYÝET

Alty aýynda suwuklandyrylan gazyň 59,4 müň tonnasy öndürildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirligi boýunça üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda suwuklandyrylan gazyň 59,4 müň tonnasy öndürildi.

Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önüm öndürilişiniň 31,2 göterim artdyrylandgyny görkezýär. Şeýle öňegidişlikler Naýyp we Bagaja gaz känlerinde hereket edýän desgalaryň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy netijesinde gazanyldy. Müdirlik boýunça öndürilýän önümleriň agramly bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär. Olaryň sanawyna şu ýyl Özbegistan, Täjigistan döwletleri hem goşuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: