JEMGYÝET

Altmyşa ýakyn täze iş orunlary döredildi

Çärjew etrabynda täze gaz turbinaly elektrik bekediniň işe girizilmegi bilen altmyşa ýakyn täze iş orunlary peýda boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, beket şu ýylyň 3-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga tabşyryldy. Netijede «Lebap» döwlet gaz turbinaly elektrik bekediniň kuwwatlylygy 581,2 megawata çenli artdy. Bu bolsa Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan daşary hem Özbegistan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna hem-de Gyrgyz Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: