Altmyş ýyl mundan ozal 12-nji aprelde bütin dünýäni haýrana galdyran waka bolup geçdi. 1961-nji ýylda şol gün SSSR-iň raýaty Ýuriý Alekseýewiç Gagarin «Wostok» kosmiki korablynda orbitada Ýeriň daşyndan aýlandy we kosmosa adamlaryň uçuşlarynyň başyny başlady.
Uçuş 108 minut dowam etdi. Kosmos gämisi Engels şäheriniň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Lenin ýoly» kolhozynyň çägine düşdi. Döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetireni üçin SSSR-iň Goranmak ministriniň buýrugy bilen uly leýtenant Ýuriý Gagarine maýor çini berildi.
Indi Halkara awiasiýa federasiýasynyň karary bilen 12 aprel Awiasiýanyň we kosmonawtikanyň Bütindünýä güni hökmünde bellenilýär.
Şondan bäri kosmosa uçuşlar yzygider geçirilýär. Bütin dünýäde häzir 600 töweregi kosmonawt bar. Olaryň arasynda Lebap welaýatynda doglan we orta mekdebi tamamlan, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Dmitriýewiç Kononenko hem bar.
Ol — instruktor-komonawt-1-nji derejeli synagçy, dünýäniň 473-nji, Russiýa Federasiýasynyň 102-nji kosmonawty. «Roskosmos» Döwlet korporasiýasynyň kosmiki işler boýunça FGBU-nyň «Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýan ylmy-barlag synag merkezinde» instruktor-kosmonawt-synagçy wezipesinde işleýär.
Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Çärjew (häzir Türkmenabat) şäherinde eneden doguldy. 15-nji orat mekdebi tamamlady.
2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan hem kosmiki ýurtlaryň hataryna goşuldy. Şol gün «Thales Alenia Space» fransuz kompaniýasy tarapyndan «Speýsbas» hemra platformasynda gurlan «TürkmenÄlem 52E» (MonacoSat) aragatnaşyk hemrasy kosmosa uçuryldy. Uçuş Türkmenistanyň Tugrasy çekilen «Falcon 9» göteriji raketasyndan Kanawerel burnunda amala aşyryldy. Hemra Ýerden 35 müň 786 kilometr beýiklikde geostasionar orbitada ýerleşýär.
Hemra Orta Aziýanyň hemme ýerini diýen ýaly we Ýewropanyň bir bölegini örtýär.