BIZE YAZYARLAR

  Alt saz guraly

Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmişinden alyp gaýdýan saz gurallarynyň kalbyňy elewrediji owazy her bir ynsanda täsin duýgulary oýarýar. Owazy näzik hem mylaýym, güňlenç hem paýhasly ýaňlanýan kirişli saz gurallary öz döreýiş taryhy, ýerine ýetiriliş aýratynlyklary bilen islendigi özüne bendi etmegi başardy. Kirişli  saz  gurallary  birnäçe  görnüşli  bolup,  syhalyp  çalynýan:  sripka, alt,  wiolonçel,  kontrabas,  gyjak,  barmak  bilen ses çykarylýan  arfa,  gusli,  sitra,  gitara,  dombra,  balalaýka,  dutar  we  başgalar  degişlidir. Kirişli  saz  gurallarynyň  gelip  çykyşy  gadym  wagtlarda  awçy  kemanyndan ýasalan  kifara  saz  guraly  bilen  baglydyr. Kirişli  saz  gurallarynyň  ýasalyş formasy,  ululygy,  kirişleriniň uzynlygy, olaryň inçeligi-ýogynlygy taýdan biri-birinden  tapawutlanýarlar.  Şol  sebäpli  olaryň  her  biriniň  diňe  özüne mahsus  bolan  tembri  bolýar.  Kirişli  saz  gurallary  iň  köp  sanly  we   iň wajyp  saz gurallar  toparyna degişli bolup, olar orkestrde  uly  orun  tutýarlar.

         Kirişli  saz  gurallaryna   kiriş  dakylýar.  Kiriş bu saz gurallaryna  dakylýan,  täsir  ediji  hereket  esasynda  belli  bir  belentlikde  ýaňlanyp  ses  berýän  maýyşgak  simjagazdyr.  Gadym  zamanlarda  kiriş  agaç  gabygyndan,  at  guýrugynyň  gylyndan,  ýüpekden  we  şuňa  meňzeşlerden  ýasalypdyr.  Şeýle  kirişler  Aziýa,  Afrika,  günorta  Amerika  ýurtlarynda  ýaşaýan  käbir  halklaryň  saz  gurallarynda  häzir  hem  duş  gelýär.  Häzirki  zaman  saz  gurallarynda  kiriş  üçin,  esasan,  inçejik  polar  simler  ulanylýar. Günbatar  ýurtlarynda  kirişler  malyň içegesinden,  şeýle-de  simden  ýasalsa,  gündogarda  bolsa  ýüpekden  ýasapdyrlar.  Mal  içegesinden  gadymy  müsürliler,  grekler,  rimliler  giň  peýdalanypdyrlar.  Maýyşgak  simjagazlar  XIV-asyrda  ulanylyp   başlanypdyr.

Alt saz guraly hem kirişli saz gurallarynyň hataryna girýär. “ALT” – latyn  sözi  bolup,  “belent”  manyny  berýär.  Bu  saz  guraly  skripkalaryň  maşgalasyna  degişli  bolup, ölçegi  boýunça  skripkadan  sähelçe  tapawutlanýar.  Saz  guralynyň  irki  nusgalary  XVI-asyra  degişli  bolup  durýandyr. Orta asyryň gadymy golýazmalaryna salgylansaň  kirişli-kemençeli  saz gurallarynyň watany Hindistan hasaplanylýar. Söwdagärleriň üsti bilen bu saz gurallary köp ýurtlary aýlanypdyrlar. Ilki parslaryň, araplaryň, Demirgazyk Afrika halklarynyň, soňra 8-asyrda Ýewropa ýurtlaryna aşýarlar.

Skripkalar maşgalasyna degişli bolan alt Italiýada takmynan 1500-nji ýylda kemençeli saz gurallarynyň irki nusgalaryndan döräp, kämilleşýär. Alt saz guralynyň formasy şu durkuna döredilmedi, ol ozalky bar bolan saz gurallarynyň ewolýusiýasyny geçirip, dürli ussalaryň oýlap tapyş, emelleşdirmegi netijesinde häzirki kämil nusgasyna eýe boldy.

Skripka saz guralyny ilkinji ýasan asly Kremondan bolan italýan ussasy- Andrea Amati we Gisparo da Solo hasaplanylýar. Bu ussatlaryň işini kämil derejä ýetiren görnükli  italýan  ussasy  A.Stradiwari we Andrea Gwarneridir.  Şol döwürden häzirki wagta çenli alt saz guraly köp asyrlary üstünden geçirsede öz  durkuny üýtgetmän gelýär. Ajaýyp zehinli ussatlaryň eli bilen ýasalan alt saz gurallary şu güne çenli saklanylyp, muşdaklarynyň göwnüni awlap gelýär.

         Saza onçakly düşünmedik bu saz guralyny skripkadan  tapawutlandyryp bilmez. Dogrudanam, göwrümini hasap etmeseň, bu saz gurallary biri-birine gaty meňzeş. Emma bu saz guralynyň tembrine üns berdigiň, derrew tapawudy aýyl-saýyl bolýar. Alt saz guralynyň täsin galdyryjy ýumşak owazy örän täsirli ýaňlanýar.

Kirişli saz gurallary hakynda gürrüň gidende alt saz guralyny ýatdan çykarýarlar. Diňe alt saz guralyna garyndaş bolan, ondan kiçi hem uly saz gurallaryna üns berýärler. Alt we skripka gurluşy boýunça meňzeş. Onuň düzüminde jemi 70-sany element bar. Alt saz guralynyň daşky korpusynyň uzynlygy 350-den 430mm barabardyr. Bu saz guralynyň kemençesi skripka saz guralyna seredeniňde birneme agyr bolup, 74 sm ýetýär. Alt saz guralynyň dört kirşi bar. Onuň  dört  kirşi  kwinta  boýunça  düzülýändir.  Notalar  alt  we  skripka  açarynda  ýazylýar. Bu saz guralynyň korpusy näçe uly bolsa, şonça-da onuň owazy owadan ýaňlanýar.

Alt-filosof saz guraly diýseňem bolar. Özüne onçakly ünsi çekdirmän, alt asyllylyk bilen orkestrde skripka bilen wiolonçeliniň arasynda eda bilen ornaşdy. Mahmal ýaly owadan saz guralynyň owazy skripkanyňky ýaly täsirli hem ýiti bolmasa-da ýumşaklygy we mähremligi bilen welin mese-mälim duýulýar. Koloritli tembr öwüşgini saz guralynyň her bir kirşiniň köpdürli ýaňlanmagyna itergi berýär. Ses belentligi iň pes “do” kirişi güýçli, rezonansly, baý mazmunly bolup, bu tembr ynsanyň içki ahwalatyny ýüze çykaryp, gaýgy-hasraty beýan etmegi başarýar. Ýokarky “lýa” bolsa beýleki kirişler bilen galtaşyp, özüniň özboluşly, täsir ediji häsiýeti bilen tapawutlanýar.

         I.S.Bah, W.A.Mosart, L.W.Bethowen, A.Dworžak, B.Britten, P.Hindemit ýaly görnükli kompozitorlar ussatlyk bilen alt saz guralynda saz çalypdyrlar. Andrea Amati öz döwrüniň ussat skripkaçy sazandasy bolupdyr. 1565-nji ýylda Fransiýanyň koroly Karl-IX köşk üçin jemi 38 sany skripka, alt, wiolonçeli saz gurallaryny  ýasamagy oňa tabşyrýar. Ýasalan bu ajaýyp saz gurallaryň köpüsi Fransuz rewolýusiýasy döwründe ýok edilýär. Bu weýrançylykda diňe ýekeje alt saz guraly abat galýar, ol hem Oksfordyň Eşmola muzeýinde saklanylýar. Onuň göwrümi uly bolup, daş korpusynyň uzynlygy 47 sm deňdir.

         Italýan ussalary ajaýyp ýaňlanýan iri göwrümli alt saz gurallaryny ýasapdyrlar. Emma sazandalar uly saz guralyndan ýüz dönderip, kiçi göwrümli saz guralyny saýlapdyrlar. Çünki kiçi alt saz guralynda saz çalmak gaty amatly bolupdyr. Ýerine ýetirijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ussalar skripkadan sähel uly alt saz guralyny ýasamaly bolupdyrlar.

Ezber ussalaryň ýasan alt saz gurallary gaty seýrek, ýöne welin A.Stradiwariniň, şeýle-de A.Gwarneriniň ýasan alt saz guraly, şu ussalaryň ýasan skripkalaryndan ençeme esse gymmat hasap edilýär.

Görnükli skripkaçy sazandalary bolan Nikkolo Paganini, Dawid Oýstrah, Naýdžel Kennedi, Maksim Wengerow, Iýegudi Menuhin diňe bir skripka saz guralynda däl, eýsem alt saz guralynda ussatlarça ajaýyp sazlary ýerine ýetiripdirler. Biziň döwrümiziň güýçli altçylarynyň biri  Ýuriý Başmet hasaplanylýar. 230 ýylyň dowamynda ilkinji gezek bu görnükli sazanda W.A.Mosartyň saz guralynda saz çalmaklyk rugsat berilýär. Zehinli, ussat sazanda alt üçin ýazylan 200 golaý saz repertuarlaryny, şol hatarda 40-sany diňe özi üçin häzirki zaman kompozitorlarynyň döreden eserlerini ýerine ýetirmegi başardy.

Ýuriý Başmet üstünden 200-ýyl geçen alt saz guralyny ummasyz pula satyn aldy. Bu gadymy hem gymmatly saz guraly 1758-nji ýylda italýan ussasy Paolo Tastore tarapyndan ýasalypdy. Häli-häzire çenli görnükli sazanda şu alt saz guralynda ajaýyp saz eserlerini ýerine ýetirmegini dowam edýär.

Alt diýseň täsin saz guralydyr. Ol öz dörän döwründen orkestrde göze onçakly ilmeýän sadaja keşpden şa sahnasyna çykmak derejesine ýetmegi başardy. Ady belli görnükli alt saz guralynda kämil çalmagy başaran ussat sazandalar alt baradaky ýoknasyz garaýşy  ýalana çykaryp, tutuş dünýä ýüzüne bu saz guralynyň ajaýyplygyny hem gaýtalanmazlygyny subut etdiler. Bu başlangyjy kompozitor K.Glýuk goýdy. Kompozitor “Alsesta” operasynda  hut alt saz guraly üçin ajaýyp mukamy ýerine ýetirmegi ynanýar. Biziň  döwrümizde  Ýuriý Başmet  we  beýlekiler  bu  saz  gurallarynda  ýerine  ýetirmekde  öz  ussatlygyny  görkezdiler.  Alt  saz  guralyny  simfoniki  we  kamera  orkestrinde  ulanýarlar. Bu  saz  guraly  kirişli  kwartetde,  trio  we  fortepiano kwintetinde  hökmany  çalynýar. Häzirki döwürde alt saz guraly görnükli saz gurallarynyň hataryna girdi. Saz guralynyň owazynyň has öwüşginli ýaňlanmagy üçin, ony kämilleşdirmegiň üstünde işlemegi dowam edýärler.

Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy

Rahmetjan Huseýinow

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: