YLYM WE TEHNIKA

Alpda yrgyldaýan dag tapyldy

Alpyň iň beýik daglarynyň biri bolan Matterhorn alymlary geň galdyrmagy başardy. Ol Şweýsariýa bilen Italiýanyň araçäginde 4478 metr belentlikde ýerleşýär. Mýunheniň tehniki uniwersitetiniň alymlary dagyň depesinde we eteginde seýsmometrleri goýup, ony dürli şertlerde öwrendiler. Görüp otursalar, onuň depesi takmynan her iki sekunddan demirgazykdan günorta we günbatardan gündogara tarap 0,42 gers ýygylykda yrgyldaýar eken. Yrgyldamalar nanometrlerden başlap mikrometrlere çenli diapozonda ýüze çykarylypdyr. Depesindäki yrgyldy etegindäkä garanda, 14 esse güýçli bolupdyr. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

Alymlaryň pikiriçe, yrgyldamalara saýýaranyň seýsmiki işjeňligi, ýer titremeleri we adamyň işi sebäp bolup biler.

Seýsmologlar Matterhornyň üýtgeşik däl bolmagy mümkin, beýleki daglaryň depeleri hem şeýle ygryldaýandyrlar diýip hasaplaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: