Alonso “Barselonany” erkin agent hökmünde terk eder
Markos Alonso möwsümiň ahyrynda “Barselonany” terk eder.
Fabrisio Romanonyň pikiriçe, ispaniýaly futbolçy möwsümiň ahyrynda Kataloniýa klubyndan erkin agent hökmünde gider.
Şeýle hem, Serži Robertonyň hem topardan gitmegine garaşylýar. Futbolçynyň klubdaky geljekki ykbaly has köp Hawi bilen baglydyr.
Alonsonyň 2022-nji ýylda “Barselonanyň” düzümine goşulandygyny bellemek gerek. Ol bu möwsüm La Ligada bary-ýogy 4 oýunda meýdana düşdi.