DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Alma ýaly gawunlar

«Superfruiter» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýetişdirilen gawunlaryň täze görnüşi köpleriň gyzyklanmasyna eýe boldy. Ululygy alma ýaly, agramy 150 — 300 gram bolan bu gawunlary paçagy bilen hem iýip bolýar. Ispaniýada ýetişdirilip başlanylan bu gawunlar tagamynyň örän süýjüligi bilen tapawutlanýar. Gawunlaryň tohumçylygy we seçgisi bilen meşgullanýan kompaniýanyň hünärmenleri bu bakja ekininiň täze görnüşleriniň ýene-de ikisini döretmegiň üstünde iş alnyp barylýandygyny mälim
etdiler. Olaryň esasy maksady gawunlaryň göwrümi boýunça çaklaňja, şol bir wagtyň özünde süýji we uzak wagtlap terligini saklaýan görnüşlerini döretmekden ybaratdyr.