DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Alina Kabaýewa — sport «Oskarynyň» eýesi

Çeper gimnastika boýunça Olimpiýa çempiony Alina Kabaýewa Sport kinosynyň we telewideniýesiniň Halkara federasiýasynyň 39-njy festiwalynyň — «Sport Movies & TV 2021»-iň baýragynyň eýesi boldy. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

2004-nji ýylyň Olimpiýa çempiony «Oskara» deňelýän baýragyň eýesi boldy. Sylaglamak sişenbe güni Milanda geçirildi. Sporty ýaýratmaga we medeni hem-de etniki gymmatlyklary öňe sürmäge uly goşant goşandygy üçin Kabaýewa «Hormat wenogy» gowşuryldy.

Şeýle baýragyň öňki eýeleriniň arasynda Ýelena Isinbaýewa, Sergeý Bubka, Pele we Maýk Taýson ýaly birinji ululykdaky sport ýyldyzlary bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: