«Alibaba»-nyň aksiýalarynyň bahasy 12,43 göterim galdy

Gonkong gazna biržasynda geçirilen söwdada internet-söwda ulgamynda uly meýdançany eýeleýän «Alibaba» hytaý kompaniýasynyň aksiýalarynyň bahasy 112,7 gonkong dollaryndan 126,7 gonkong dollaryna çenli göterilip, 12,43 göterim galdy we 2019-njy ýyldan bäri iň ýokary gündelik ösüşi görkezdi, diýip «lenta.ru» ýazýar.

Soňra kagyzlaryň bahasy düzedildi we 126,3 dollara (+12,07%) barabar boldy. Nýu-Ýorkuň gazna biržasyndaky premarketde aksiýalaryň biriniň bahasy 129,8 amerikan dollaryna çenli galdy (bir nýu-ýork aksiýasy sekiz gonkong aksiýasyna barabar).

Adblock
detector