SPORT WE SYÝAHAT

Ali Babamyradow GDA-nyň oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy

Seýdili agyr atletikaçy Ali Babamyradow Belarus Respublikasynda geçirilýän GDA-nyň II oýunlarynda 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.

Ştangany silterläp galdyrmak boýunça 95 kilogram agyrlygy eýgeren ildeşimiz itekläp galdyrmakda 120 kilogram agyrlygy başynyň üstüne göterdi. Şeýlelikde, Ali Babamyradow GDA-nyň oýunlaryndaky çykyşyny 215 kilogramlyk netije bilen tamamlady.

Aliden başga-da, Oýunlarda daşoguzly agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa hem kümüş medala mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: